Maksadymyz
Türkmen dilinde programma üpjünçiligi az. Biz şol boşlugy doldurýarys — okuw taslamalary bilen däl-de, hakykatdan hem goýberilýän programmalar bilen.
Ýörelgeler
Açyk kod
Ähli repozitoriýalar açyk: MIT, Apache-2.0 we GPL-3.0. Alyp, üýtgedip we öz işiňde ulanyp bolýar.
Mahabatsyz we tölegsiz
Dükandaky programmalar mugt we mahabatsyz. Şahsy maglumat ýygnamaýar; Köpri diňe näsazlyk hasabatlaryny iberýär.
Türkmen dilinde
Interfeýs türkmen dilinde. Kod barlagy türkmen we rus dillerinde geçirilýär.
Internetsiz hem
Programmalaryň köpüsi internetsiz işleýär. Köpri käbir dil jübütleri üçin onlaýn hyzmatlary ulanýar.
Taslamalar
Dil öwrediş programmalary we gurallar. Hemmesi açyk, hemmesi GitHub-da.
Adamlar
Şapak Apps — bir adamyň studiýasy däl. Taslamalar dürli awtorlardan gelýär.
Ilkinji Pull Request-iňi şu ýerde aç
Kod barlagy türkmen we rus dillerinde geçirilýär — iňlis diliň gowşak bolsa-da päsgel däl.
- Täze gelenler üçin meseleleri aç — olar kiçi we anyk bölünen, ilkinji Pull Request üçin amatly.
- Repozitoriýany klonla we onuň README-däki gurnama ädimlerini ýerine ýetir.
- Kiçi Pull Request aç — uly üýtgetmeden gowy.
- Her Pull Request-e birnäçe günüň içinde jogap berilýär.
- Kabul edilen kod indiki goýberilişe düşýär.
shapak.apps@gmail.com — türkmen, rus ýa-da iňlis dilinde ýazyp bolýar.

Ykjam Terjime
Hytaý dili 1
Iňlis dili 1
Köpri
Küşt
Rus dili 1
Nemes dili 1
Fransuz dili 1
Ýapon dili 1
Koreý dili 1
Arap dili 1
Pars dili 1



